Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy görýän çäreleri oňyn netijeler berýär

Saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 169 müň 182 adama ýetdi

1444515
Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy görýän çäreleri oňyn netijeler berýär

 

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 17 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 5 müň 82 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 45 müň 213 adam testden geçirilip, ýene-de 1372 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1984  adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 169 müň 182 adama ýetdi.



Degişli Habarlar