Prezident Erdogan Koreýa söweşiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çärä ýüzlenme ugratdy

Erdogan, Koreýa söweşiniň 70 ýyllygy mynasybetli Günorta Koreýada geçirilýän çärä wideo ýüzlenme iberdi

1443325
Prezident Erdogan Koreýa söweşiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çärä ýüzlenme ugratdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan ýüzlenmesinde, Koreýanyň halkynyň asudalygyny, howpsuzlygyny we halkara parahatçylygy ýola goýmak üçin egin-egine söweşen gahryman esgerleriň, Koreýa bilen baky dowam etjek bir dostlugyň emele gelmegini üpjün edendigini belledi. 

Ylhamyny Koreýa söweşindäki bu ozal görülip eşidilmedik jebislikden alýan dostlukly gatnaşyklaryň günsaýyn has hem berkeýändigini görmekden hoşaldyklaryny aýdan Erdogan: "2012-nji ýylda strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaran gatnaşyklarymyzy öňümizdäki döwürde has hem özgertmäge tutanýerlidiris. Koreýa söweşiniň 70 ýyllygyny ýatlap geçýän bu taryhy günümizde eziz şehitlerimizi uly hotrmat bilen hatyralaýarys. Koreýanyň topraklarynda bakyýete giden we şol ýerde jaýlanan gahrymanlarymyzyň ýagty ýadygärlikleriniň öňünde ýene-de bir gezek başymy egýärin. Ýatan ýerleri ýagty bolsun" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar