Türkiýe Yrakdan, terror guramasy PKK-a garşy göreşde hyzmatdaşlyga garaşýar

Operasiýalarda, Türkiýäniň howpsyzlygy bilen birlikde Yragyň territorial bitewiligine howp salýan terror guramasy nyşana alynýar

1439002
Türkiýe Yrakdan, terror guramasy PKK-a garşy göreşde hyzmatdaşlyga garaşýar

 

Türkiýe Yrakdan, ekstremist terror guramasy PKK-a garşy göreşde hyzmatdaşlyga garaşýar.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygynda guralýan “Penje-Bürgüt” we “Penje-Gaplan” operasiýalarynda, Türkiýäniň milli howpsyzlygy bilen birlikde Yragyň territorial bitewiligine we özygtyýarlygyna howp salýan terror guramasy PKK-nyň nyşana alynandygyny belledi.

Aksoý “Goňşymyz Yragyň, terror guramasy PKK-a garşy göreşde ýurdumyz bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegine garaşýarys. Bu meseleler hakynda, Bagdatdaky ilçihanamyz tarapyndan yrakly degişli ýolbaşçylara maglumat berildi” diýdi.



Degişli Habarlar