Çawuşogly Germaniýanyň Türkiýe bilen bagly kararyna nägilelik bildirdi

Germaniýa Türkiýäni dünýäniň 130 ýurdy bilen birlikde "Howply korona zolagy" sanawyna aldy

1438776
Çawuşogly Germaniýanyň Türkiýe bilen bagly kararyna nägilelik bildirdi

Germaniýanyň Türkiýäni dünýäniň 130 ýurdy bilen birlikde "howply korona zolagy" sanawyna almagyna Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly nägilelik bildirdi. 

15-nji iýundan başlap dünýäniň 31 ýurdyna syýahatçylyk gadagançylygyny aýyran Germaniýa, raýatlarynyň daşary ýurtlara syýahat edende iň köp ugraýan ýerleriniň biri bolan Türkiýe bilen bagly tankydy bir karar kabul etdi. 

Germaniýa Türkiýäni dünýäniň 130 ýurdy bilen birlikde "Howply korona zolagy" sanawyna aldy. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly karary suýasy we adalatsyz hökmünde häsýetlendirdi, "Lapykeçlige sezewar boldym" diýip belledi.

Mewlüt Çawuşogly nemes kärdeşi Heýko Maasa Germaniýaly hünärmenlerden ybarat bir wekiliýeti Türkiýä ugradyp, ýagdaýy ýerinde gözegçilik etmekleri barada teklip hödürländigini habar berdi. 



Degişli Habarlar