Türkiýeden Serbiýanyň Sanjak sebitine lukmançylyk kömegi ugradyldy

Türkiýe tarapyndan ugradylan lukmançylyk enjam kömegi bilen doldurylan ýük ulaglary Sanjak sebitine bardy

1434972
Türkiýeden Serbiýanyň Sanjak sebitine lukmançylyk kömegi ugradyldy

Türkiýe tarapyndan ugradylan lukmançylyk enjam kömegi bilen doldurylan ýük ulaglary, Serbiýada ilatynyň aglaba bölegi bosniýalylardan ybarat bolan Sanjak sebitine baryp ýetdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň buýrugyna laýyklykda we Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň Türkiýe-Serbiýa işewürler geňeşiniň guramaçylyk etmeginde taýaralanan lukmançylyk kömegi, Nowi Pazar şäherinde gurulan epidemiýa hassahanasyna gowşuryldy. 

Lukmançylyk enjamlaryň Nowi Pazar bilen birlikde sebitdäki Sýenika, Tutin, Priýepolýe, Priboý, Nowa Waros we Kralýevo şäherlerine hem paýlanjakdygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar