Türkiýe täze görnüş koronawirusa garşy göreşde oňyn netijeler almaga dowam edýär

Türkiýede saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 135 müň 322 adama ýetdi

1430818
Türkiýe täze görnüş koronawirusa garşy göreşde oňyn netijeler almaga dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 21 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 4 müň 669 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 35 müň 846 adam testden geçirilip, ýene-de 878 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1922 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 135 müň 322 adama ýetdi.


Etiketkalar: #Türkiýe , #koronawirus

Degişli Habarlar