Çanakkale welaýatynda 100 bosgun halas edildi

Kenarýaka hopwpsuzlyk gullugyna degişli merkeze alynyp gidilen bosgunlaryň arasynda çagalar we zenanlar hem bar

1430602
Çanakkale welaýatynda 100 bosgun halas edildi

Türkiýäniň Çanakkale welaýatynyň Aýwajyk etrabynyň suw giňişliginde Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk güýçleri tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna getirilen 100 bosgun halas edildi. 

Gresiýanyň Lesbos adasyna geçmäge synanyşan 100 adamdam ybarat bosgun topary, Aýwajyk etrabynda ýola çykdylar. 

Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan anyklanan 100 bosgun, Türkiýäniň suw giňişligine yzyna getirilmeginden soň kömek sorady. 

Sebite baran Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli güýçler, Kadyrga Burnu we Babakale obalarynyň suw giňişligindäki bosgunlary kenara çykardylar. 

Küçükkuýu etrapçasynda ýerleşýän Kenarýaka hopwpsuzlyk gullugyna degişli merkeze alynyp gidilen bosgunlaryň arasynda çagalar we zenanlar hem bar. 



Degişli Habarlar