“Liwiýalylary asla huntaçylaryň ynsabyna goýmarys”

Prezident Erdogan, “Liwiýalylary asla huntaçylaryň ynsabyna goýmarys” diýdi

1429649
“Liwiýalylary asla huntaçylaryň ynsabyna goýmarys”

 

Prezident R. T. Erdogan, resmi sapar bilen Ankara gelen Liwiýanyň Premýer ministri Faýiz as Serraj bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Prezident Erdogan beýanatynda, Liwiýada huntaçy Haftaryň hyýanatçylykly hüjümlerine garamazdan Milli ylalaşyk hökümetiniň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde degişli çäreleri görendigini belledi.

“Huntaçy Haftara goldaw berip Liwiýany gan kölüne öwürenleri taryh jezalandyrar” diýen Erdogan “Liwiýanyň geljegine howp salýan adamyň bu meselede stolyň başyna otup Liwiýa wekilçilik etmek ukuby ýok”diýdi.

Prezident Erdogan “Liwiýaly doganlarymyzy asla huntaçylaryň ynsabyna goýmarys” diýip belledi.

Prezident Erdogan, Liwiýanyň Premýer ministri Serraj bilen Liwiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny ýatlatdy.

Prezident Erdogan, Liwiýada başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmegi üçin halkara platformalarda Serraj bilen birlikde hereket etjekdiklerini belledi.

Liwiýanyň Premýer ministri Faýiz as Serraj hem beýanatynda “Türkiýäniň tutanýerli tutumy üçin sagbolsun aýdýarys. Bu ýerden huntaçylara ýüzlenýärin. Liwiýadan eliňizi çekiň. Yza ýol ýok. Duşmanymyzy dolulygyna ýok edýänçäk göreşeris” diýdi.

 



Degişli Habarlar