Prezident Erdogan, Iordan Şasy Abdullah II bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Liderler täze görnüş koronawirusa garşy göreşde hyzmatdaşlyk edilmegi barada pikir alyşdy

1422604
Prezident Erdogan, Iordan Şasy Abdullah II bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Iordan Şasy Abdullah II bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, birek biregi Oraza baýramy bilen gutlan liderler, Türkiýe bilen Iordaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar we sebitara meseleler bilen birlikde dünýä ýurtlaryna howp salmaga dowam edýän täze görnüş koronawirusa garşy göreşde hyzmatdaşlyk edilmegi barada pikir alyşdy.



Degişli Habarlar