“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagyna PKK/ÝPG-ä agza 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
1-nji ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany bolsa 1445-e ýetdi
1421912
Siriýada “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagyna girmäge çalşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, 19-njy maý gijesi terrorçylaryň “Parahatçylyk çeşmesi” operasiýasy zolagyna girmäge çalşandygy nygtaldy.
Beýanatda “Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 10 terrorçy gahryman esgerlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi”diýildi.
“Parahatçylyk çeşmesi” operasiýasy zolagynda soňky 1 aýda 66 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
1-nji ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany bolsa 1445-e ýetdi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.