Hulusi Akar gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Milli Goranmak ministrliginde Oraza baýramy bilen bagly çäre geçirildi

1420618
Hulusi Akar gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Siriýada we Yragyň demirgazygynda terrora garşy göreşiň arakesmesiz ýagdaýda dowam etjekdigini habar berdi

Milli Goranmak ministrliginde Oraza baýramy bilen bagly çäre geçirildi. 

Çäkli ýagdaýda geçirilen dabarada koronawirusa garşy görülen çäreler jikme-jik ýagdaýda ýerine ýetirildi. 

Ministr Akar, çärede eden çykyşynda, Siriýada we Yragyň demirgazygynda terrora garşy göreşiň arakesmesiz ýagdaýda dowam edendigini belläp, 1-nji ýanwardan bäri 1 müň 411 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Ministr Akar, koronawirus epidemiýasyna garşy göreş bilen baglanşykly bolsa: "Dünýä ýurtlarynyň goşunlaryna ser salynanda koronawirusa ýolugan adamlaryň sany taýdan Türkiýäniň Ýaragly güýçleri gowy ýagdaýda. Bu hakykatdan hem uly üstünlik" diýip belledi. 

Ylalaşyklara laýyklykda Siriýanyň Idlib sebitindäki işleriň hem dowam edýändigini aýdan Akar, ylalaşygyň hemişelik bolmagy, durnuklylygyň üpjün edilmegi we öýlerini terk eden siriýalylaryň meýletin we howpsyz ýagdaýda ýaňadandan öýlerine gaýdyp barmaklaryny üpjün etmek üçin ol ýerde giň gerimli işleriniň alynyp barylýandygy barada maglumat berdi. 

Hulusi Akar Liwiýada başdan geçirilýän soňky hadysalar bilen bagly bolsa: "Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň tälim hyzmatdaşlygy we maslahat bermek bilen bagly işleriniň başlamagyndan soň, Liwiýadaky deňagramlyklar örän üýtgedi" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Siriýa , #Idlib , #Hulusi Akar

Degişli Habarlar