Prezident Erdogan rus kärdeşi Wladimir Putin bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1419488
Prezident Erdogan rus kärdeşi Wladimir Putin bilen söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde koronawirus epidemiýasyny ara alyp maslahatlaşdy. 

Telefon söhbetdeşliginde Kovid-19-a garşy hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri we epidemiýadan soň ediljek ädimler bilen birlikde Siriýa başda bolmak bilen sebitleýin meseleler we ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alynyp maslahatlaşyldy. 



Degişli Habarlar