Mewlüt Çawuşogly Gaiti döwletine jebislik ýüzlenmesini berdi

Çawuşogly, koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde lukmançylyk enjam kömegi ugradyljak Gaiti döwletine jebislik ýüzlenmesini berdi

1415896
Mewlüt Çawuşogly Gaiti döwletine jebislik ýüzlenmesini berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitterden beren beýanatynda, Gaitiniň Daşary işler ministri Klod Žozefiň minnetdarlyk hatyna jogap hökmünde: "Bu kyn zamananyň hötdesinden bilelikde geleris. Dostlukly Gaitiniň halkynyň hemişe ýanyndadyrys" diýip belledi.

Gaitiniň Daşary işler ministri Klod Žozef, Twitterden beren beýanatynda Türkiýäniň Gaitiniň kömek baradaky talabyna laýyklykda, Kovid-19-a garşy görülýän çäreleriň çäginde özlerine lykmançylyk enjam kömegini berjekdigini nygtap, Gaitiniň hökümetiniň adyndan Türkiýäniň hökümetine minnatdarlyk bildirmek maksady bilen Mewlüt Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar