Türkiýeden Tunise we Ukraina lukmançylyk enjam kömegi ugradyldy

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasynyň zyýan ýetiren ýurtlaryna lukmançylyk enjam kömegini ugratmaga dowam edýär

1413453
Türkiýeden Tunise we Ukraina lukmançylyk enjam kömegi ugradyldy

Türkiýe soňky gezek bolsa Tunise we Ukraina lukmançylyk enjam kömegini ugratdy. 

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň buýrugyna laýyklykda ministrligimiz tarapyndan taýarlanan we koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde ulanyljak lukmançylyk enjam kömegi Tunise ugradyldy" diýip habar berildi. 

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýleki bir beýanata görä bolsa, Prezident Erdoganyň buýrugyna laýyklykda ministrlik tarapyndan lukmançylyk enjamlar taýarlndy. 

Kovid-19-a garşy ulanylmak maksady bilen taýarlanan lukmançylyk enjamlary uçar bilen Ukraina ugradyldy.  


Etiketkalar: #Ukraina , #Tunis , #Türkiýe

Degişli Habarlar