Prezident Erdogan: "Türkiýe bu kyn tapgyryň hötdesinden gelip barýar" diýdi

Erdogan, koronawirus epidemiýasy bilen baglanşykly beren beýanatynda, Türkiýäniň ählitaraplaýyn ýagdaýda ösen ýurtlardan has berk pozisiýa eýeläp, bu kyn tapgyryň hötdesinden gelip barýandygyny habar berdi

1411292
Prezident Erdogan: "Türkiýe bu kyn tapgyryň hötdesinden gelip barýar" diýdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň merkezi dolandyryş maslahatyndan ozal gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi. 

Çykyşynda "Epidemiýa döwrüniň ykdysadyýetimize ýetiren zyýanlaryny iň çalt ýagdaýda dikeltmäge we has uly ädimler etmäge mejburdyrys" diýen Erdogan, epidemiýa etabyndaky tejribeleri sebitleýin we global derejede has uly üstünliklere öwürjekdiklerini habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Türkiýe ählitaraplaýyn ýagdaýda ösen ýurtlardan has berk pozisiýa eýeläp, bu kyn tapgyryň hötdesinden gelip barýar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar