Türkiýäniň garrylar öýleri dünýä ýurtlaryna görelde bolýar

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy "Türkiýäniň garrylar öýleriniň dünýä ýurtlaryna görelde bolýar"

1409748
Türkiýäniň garrylar öýleri dünýä ýurtlaryna görelde bolýar

 

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçylary, Türkiýäniň garrylar öýleriniň dünýä ýurtlaryna görelde bolýandygyny mälim etdi.

Maşgala, zähmet we sosial üpjünçilik ministrliginiň ýolbaşçylary bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda garrylar öýlerinde koronawirusa garşy görlen çäreler bilen arabaglanşykly wideo konferensiýa arkaly maslahat geçirildi.

Maslahatda Maşgala, zähmet we sosial üpjünçilik ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkiýäniň garrylar öýlerinde görlen çäreleri gürrüň berdi. Garrylar öýleriniň emeli dem alyş enjamlary bilen üpjün edilendigini belledi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçylary bolsa görlen çärelerden we alnyp barylýan syýasatdan hoşaldyklaryny belledi we  Türkiýäniň garrylar öýleriniň dünýä ýurtlaryna görelde bolýandygyna aýratyn ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar