Türkiýe Fransiýanyň Orn Sebitine Lukmançylyk Kömegini Berdi

Türkiýe koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde peýdalanmak üçin Fransiýanyň Orn sebitine lukmançylyk kömegini ugratdy

1407956
Türkiýe Fransiýanyň Orn Sebitine Lukmançylyk Kömegini Berdi

Orn sebitiniň Senatory Natali Gulet kornawirus epidemiýasyna garşy göreş üçin Türkiýeden lukmançylyk kömegini sorapdy.

Gulet Türkiýäniň Fransiýadaky İlçihanasynda İlçi İsmail Hakky Musadan Türkiýeden ugradylan 500 sany lukmançylyk eşigini we 20 müň maskany kabul edip aldy.

Şol kömegi mynasybetli Türkiýä sagbolsun aýdan Gulet, eşikleriň we maskalaryň sebitdäki saglygy goraýyş işgärleriniň başda durmagynda polis we žandarm gullukçylaryna paýlanjakdygyny aýtdy.

Türkiýäniň kömek eli köp sanly ýurduň ýany bilen Ýewropada epidemiýadan agyr ýitgi çekýän Italiýa bilen Ispaniýa hem uzadylypdy.



Degişli Habarlar