Mewlüt Çawuşogly tiz kömek uçarlary bilen Türkiýä getirilen raýatlar bilen bagly beýanat berdi

Çawuşogly: "2019-njy ýylda daşary ýurtlarda saglyk ýagdaýy agyrlaşan 76 raýatymyz tiz kömek uçarlary bilen Türkiýä getirildi" diýdi

1405791
Mewlüt Çawuşogly tiz kömek uçarlary bilen Türkiýä getirilen raýatlar bilen bagly beýanat berdi

 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, geçen ýyl daşary ýurtlarda saglyk ýagdaýy agyrlaşan 76 türk raýatynyň tiz kömek uçarlary bilen Türkiýä getirilendigini habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan daşary ýurtlarda saglyk ýagdaýy agyrlaşanyndan soň, tiz kömek uçarlary bilen Türkiýä getirilen türk raýatlar bilen bagly beýanat berdi. 

Çawuşogly: "2018-nji ýylda daşary ýurtlarda saglyk ýagdaýy agyrlaşan 84 raýatymyz, 2019-njy ýylda bolsa 76 raýatymyz tiz kömek uçarlary bilen ýurdumyza getirildi. Emrullah Gülüşken doganym ýurda hoş geldiň. Dünýäniň niresinde bolsa bolsun, raýatlarymyzy ýalňyz goýmadyk, mundan soň hem goýmarys" diýip belledi. 

Şwesiýanyň Malmýo şäherinde, täze görnüş koronawirus testi položitel çykmagyna garamazdan, hassahanada bejergi edilmän öýüne ugradylan 47 ýaşyndaky Emrullah Gülüşkeniň gyzlary Samira we Leýla Gülüşken, sosial mediadan kömek berilmegi barada çagyryş berdiler. 

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, ýardam çagyryşyna laýyklykda syrkawlaryň Türkiýä getirilmegi üçin tiz kömek uçarynyň ugradylmagy barada buýruk berdi. 

Emrullah Gülüşkeni we çagalaryny daşaýan tiz kömek uçary düýn Türkiýäniň sagady bilen 13:30-da ýurdyň paýtagty Ankaradaky Esenboga howa menziline gonupdy. Emrullah Gülüşken we çagalary, geçirilen gözegçilik işlerinden soň howa menzilinde garaşdyrylan tiz kömek ulaglary bilen Ankara Şäher hassahanasyna alynyp gidilipdi. 



Degişli Habarlar