“Gumanitar meseleleri syýasat serişdesine öwürmäň”

Türkiýe Gresiýany gumanitar meseleleri syýasat serişdesine öwürmezlige çagyrdy

1406182
“Gumanitar meseleleri syýasat serişdesine öwürmäň”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Jibutide galan 3 grek deňizçisiniň 25-nji aprelde Türkiýäniň Jibutidäki ilçihanasynyň hemaýat bermeginde Türk howaýollaryna degişli uçar bilen halas edilendigine garamazdan, sosial mediadan berilen habarnamada Türkiýäniň goldawyny beýan etmeýän Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendiasa reaksiýa bildirdi.

Mewlüt Çawuşogly Nikos Dendiasyň şol halas etmäniň Gresiýanyň, ÝB-niň Jibutidäki wekilhanasynyň we Jibutiniň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen amala aşandygy baradaky habarnamasy boýunça beýannama berdi.

Çawuşogly Twitterden beren habarnamasynda; “İň bärkisi gumanitar meseleleri syýasy serişdä öwürmäň. 3 grek deňizçisini sagbolsun aýtmagyňyz üçin däl, gumanitar borjumyz bolandygy üçin meýletinlerçe Jubutiden getirdik” diýip ýazdy.

Diplomatik çeşmeler Türkiýäniň Jibutiden getiriljekleriň hataryna 3 grek deňizçisiniň hem degişli edilmegi hakyndaky haýyştyň gönüden Gresiýanyň Daşary işler ministrliginden gelendigine, ministr Çawuşoglunyň şol resmi talaby gumanitar taýdan seljerip, goldaw berilmegi üçin görkezme berendigine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar