Altun Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşiniň beýleki ýurtlara nusga bolandygyny belledi
Altun, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiniň dünýäniň beýleki ýurtlaryna nusga bolandygyny habar berdi
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Twitter hasabyndan iňlis dilinde beren beýanatynda, mukaddes Oraza aýynyň ilkinji günlerinde örän gowy habarlaryň gelip gowuşmaga başlanandygyny, Türkiýede koronawirus ýolugan adamlaryň sanynyň azalmaga başlandygyny, egri çyzygyň düzelip aşak tarap ýol almaga başlandygyny mälim etdi.
Fahrettin Altun, beýleki ýurtlara tankydy lukmançylyk enjam kömeklerini dowam etdirýän Türkiýäniň diňe öz raýatlaryna däl, eýsem dünýäde koronawirusyň zyýan ýetiren ähli adamlary ünsden düşürmeýändigini belledi.
Mukkades Oraza aýynda öz watanlaryna gaýtmak isleýän 25 müň türk raýatyň Türkiýä getirilendigini aýdan Altun: "Raýatlarymyzyň saglygy goraýyş ulgamymyza bildirýän ynamy, biz üçin ylham çeşmesidir. Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dünýä ýurtlary üçin nusgadyr. Sebäbi Hormatly Prezidentimiz, bu babatda hökümetimize islendik ýagdaýda, adamkärçilikli hereket etmek barada buýruk berdi. Hem öz raýatlarymyz, hem-de dünýädäki her kim bu babatda Türkiýä ynanyp biler" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.