“Şu günki güne çenli 60 müň raýatymyzy ýurdumyza getirdik"

Çawuşogly daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkiýäniň raýatlarynyň ýurda getirilmegi barada beýanat berdi

1405354
“Şu günki güne çenli 60 müň raýatymyzy ýurdumyza getirdik"

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli şu günki güne çenli 60 müňden hem Türkiýäniň raýatynyň ýurda getirlendigini aýtdy.

Ministr Çawuşogly Twitterden daşary ýurtlarda ýaşaýan ýada işleýän Türkiýäniň raýatlarynyň ýurda getirilmegi barada beýanat berdi.

Çawuşoglu beýanatynda “Şu günki güne çenli 60 müň raýatymyzy ýurdumyza getirdik. Türkiýede ýaşaýan, işleýän we okaýan  20 müňe golaý adamyň hem ýurtlaryna gitmeklerine goldaw berdik. 57 ýurda hem lukmançylyk enjamy kömegini berdik” diýdi.

 



Degişli Habarlar