“Türkiýe Respublikasy agzybirlik, jebislik, doganlyk we arkalaşyk düşünjesiniň esasynda bina edildi”

Prezidet R.T.Erdogan Türkiýe Respublikasynyň agzybirlik, jebislik, doganlyk we arkalaşyk düşünjesiniň esasynda bina edilendigini aýtdy

1404258
“Türkiýe Respublikasy agzybirlik, jebislik, doganlyk we arkalaşyk düşünjesiniň esasynda bina edildi”

Prezident Erdogan 23-nji aprel Milli häkimiýet we Çagalar baýramy hem-de Türkiýäniň Mejlisiniň 100 ýyllygy mynasybetli halka ýüzlenip çykyş etdi.

Çykyşyna Respublikanyň esaslandyryjysy Gahryman M.K.Atatürk bilen ähli şehitleri we gahrymanlary minnetdarlyk bilen hatyralamak bilen başlan Erdogan: “Mundan doly bir asyr ozal paýtagt Ankarada açylan Beýik Millet Mejlisimiz watanymyzyň basylyp alynan döwründe milletimiziň we döwletimiziň azatlyk göreşiniň merkezine öwrüldi. Türkiýe Respublikasy agzybirlik, jebislik, doganlyk we arkalaşyk düşünjesiniň esasynda bina edildi. 23-nji aprel güni demokratiýanyň, milli ygtyýaryň, milletiň özygtyýarlylygynyň iň esasy simwoly” diýdi.

Prezident Erdogan 23-nji aprel gününiň türk milletiniň ogullaryna goýýan sarpasynyň, ýaşlara bolan ynamynyň hem görkezijisidigini nygtady.

Erdogan türk milletiniň we bütin musulman dünýäsiniň şu gije tarawa namazyny okap, ilkinji seläligini edinjekdigini nygtap, oraz aýy bilen gutlady.

Beýleki tarapdan koronawirus epidemiýasyna garşy görülen çäreler sebäpli şu ýyl dabarasyz geçirilen baýram sebäpli bütin Türkiýe ýerli wagt boýunça sagat 21:00-da öýleriniň balkonlaryndan döwlet senasyny ýerine ýetirdi. Erdogan şol pursatlara ähli teleýaýlymlaryň göni ýaýlymynda ýanyndaky çagalar topary bilen goşuldy.



Degişli Habarlar