11 Aýyň Soltany Remezan Başlady

Musulmanlar dünýde koronawirus epidemiýasy sebäpli goýulan çäklendirmelere garamazdan remezanyň ilkinji orazasyny tutýarlar

1404561
11 Aýyň Soltany Remezan Başlady

Oraz aýy käbir ýurtlarda agzaçar üçin maşgala mejlisleri we köpçülikleýin ybadat dagahançylary bilen geçer.

Türkiýe bilen bilelikde ençeme Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda metjitlerde jemagat bilen ybadat edilmejekdigi aýdyldy we agzaçarlar ýaly birnäçe çäräniň geçirilmegi gadagan edildi.

Dünýäniň iň köp musulman ilatyna eýe bolan İndoneziýada dini ýolbaşçylar raýatlary öýlerinde bolmaga çagyrdy.

Saud Arabystanynda koronawirus sebäpli musulmanlar üçin mukaddes bolan Mekge we Medine şäherlerine gitmek hem-de gelmek bes edildi. Käbede köpçülikleýin ybadat edilmeýär, umra zyýaratlar wagtlaýynça bes edildi.

Bangladeşde resmiler metjide gidýän adamlaryň sanyny azaltmak üçin çäreler gördüler.

2020-nji ýylyň 24-nji aprelinde başlan oraz aýy 2020-nji ýylyň 23-nji maýynda gutarýar.



Degişli Habarlar