Türkiýe Somala lukmançylyk enjamy kömegini berdi

Türkiýe Britaniýa, Italiýa, Ispaniýa, Demirgazyk Makedoniýa, Serbiýa, Bosniýa-Gersegowina we Kosowa lukmançylyk enjamlary kömegini beripdi

1400031
Türkiýe Somala lukmançylyk enjamy kömegini berdi

 

Koronawirusa garşy göreşiň çäginde Türkiýäniň lukmançylyk enjamlary kömegini alyp giden harby ýük uçar Ankaradan Somala uçdy.

Türkiýe, koronawirusa garşy göreşe goldaw bermek maksady bilen dünýäde epidemiýa sebäpli ýitgi çekýän ýurtlara ýardam bermäge dowam edýär.

Şol çäkde, Saglygy goraýyş ministrligi we Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti tarapyndan taýarlanan lukmançylyk enjamlary kömegi Ankaranyň Etimesgut harby howa menzilinden Türk howa güýçlerine degişli A400 M kysymly harby ýük uçar bilen Somala ugradyldy.

Türkiýe ozal hem Britaniýa, Italiýa, Ispaniýa, Demirgazyk Makedoniýa, Serbiýa, Bosniýa-Gersegowina we Kosowa lukmançylyk enjamlary kömegini beripdi.

 



Degişli Habarlar