Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtlardaky türkleriň getirilmegi bilen bagly beýanat berdi

Çawuşogly, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli daşary ýurtlarda galan türk raýatlaryň iň gysga wagtda ýurda getiriljekdigini habar berdi.

1398613
Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtlardaky türkleriň getirilmegi bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň ýurda getirilmegi bilen baglanşykly, özüniň Twitter hasabyndan beýanat berdi. 

Şu günki güne çenli daşary ýurtlara wagtlaýyn giden we yzyna gaýdyp gelmek islän 25 müň türk raýatyny dünýäniň 70 aýry ýurdundan getirendiklerini we karantin astyna alandyklaryny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdoganyň buýrugyna laýyklykda, wagtlaýyn häsýetde daşary ýurda giden we yzylaryna gaýdyp gelmek üçin ýüz tutan raýatlarymyzy karantin şertlerini taýarlap, nesip bolsa iň gysga wagtda ýurda getireris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar