Ibrahim Kalyn Kovid-19 bilen baglanşykly beýanat berdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, täze görnüş koronawirus epidemiýasyny howsala we boşaňlyga düşmeden bilelikde ýeňjekdiklerini belledi

1398682
Ibrahim Kalyn Kovid-19 bilen baglanşykly beýanat berdi

Ibrahim Kalyn Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Türkiýe, öňüni alyş çärede we wirusyň bejergisinde üstünlikli ýagdaýdadyr. Saglygy goraýyş infrastrukturamyz güýçli. Düşek we derman babatynda kemçiligimiz ýok. Epidemiýany diňe berk çäreler görüp duruzyp bileris. Koronawirusy howsala we boşaňlyga düşmeden bilelikde ýeňeris" nygtady.

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn beren beýanatynda, Türkiýedäki koronawirus bilen baglanşykly görkezijileri görkezýän düýnki tablisany hem görkezdi. 



Degişli Habarlar