Türkiýe, Ysraýyla we Palestina lukmançylyk kömegini ugradar

Türkiýe, Ysraýyl bilen bir wagtda Palestina lukmançylyk kömegini ugradar

1396341
Türkiýe, Ysraýyla we Palestina lukmançylyk kömegini ugradar

Mesele bilen bagly hususy telewideniýe kanallaryň birine beýanat beren Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Ysraýylyň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde ulanmak maksady bilen Türkiýeden ozal lukmançylyk kömeginiň ugradylmagy barada talap bildirendigini habar berdi. 

Öňümizdäki birnäçe günüň dowamynda lukmançylyk kömeginiň taýarlanjakdygyny aýdan Ibrahim Kalyn, Ysraýyl bilen birlikde Palestina hem lukmançylyk kömeginiň ugradyljakdygyny mälim etdi. 

17 ýyl bäri saglygy goraýyş ulgamynda uly öňe gidişlikleriň edilendigini aýdan Kalyn: "Senagat önümçiliginde ençeme firmamyz maska, kombinezon, lukmançylyk enjamlarynyň öňümçiligine başladylar" diýip aýan etdi. 

Ibrahim Kalyn, Türkiýede eýýäm ençeme ýyl bäri şäher hassahanalary, lukmançylyk enjamlary bilen bagly infrastruktura maýa goýulanlygy üçin epidemiýanyň öňünde taýarlykly bolandyklaryny beýan etdi. 



Degişli Habarlar