Prezident Erdogandan Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsona hat

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, koronawirusa garşy bejergi alýan Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsona tiz wagtda sagalmagyny diledi

1396000
Prezident Erdogandan Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsona hat

Prezident Erdogan, Türkiýe tarapyndan lukmançylyk enjamlary kömegi ugradylan Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsona hat ugratdy. 

Erdogan, Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsona ugradan hatynda şu aşakdakylary belläp geçdi: 

"Hormatly Premýer ministr, Gadyrly Dostym,

Ilki bilen bejergi etabyňyzyň iň gysga wagtda netijelenip, saglygyňyza gowuşmagyňyzy tüýs ýüregimden dileýärin. 

Ýurdumyz üçin strategik we güýçli bir hyzmatdaş we gadyrly dost bolan Beýik Britaniýanyň, bütin dünýäni täsiri astyna alan koronawirus epidemiýasynyň iň köp zyýan ýetiren Ýewropa ýurtlarynyň biridigini bilýärin. Bu kyn döwürde, başda epidemiýada ýogalan adamlaryň maşgalalary we dogan-garyndaşlary bolmak bilen Beýik Britaniýanyň ähli halkyna, hem ýurdumyň adyndan hem-de milletimiň adyndan gynanç bildirýärin. 

Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylarynyň Kovid-19 epidemiýasyna garşy gören çärelerine uly üns bilen gözegçilik edýäris. Şol çäkde, başda hökümetiňiziň agzalary bilen Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bolmak bilen, bu synag zamanynda tagalla edýän ähli adamlara üstünlikler arzuw edýärin, dostlukly Beýik Britaniýanyň halkynyň bu kyn döwürde iň az ýitgi bilen hötdesinden gelmegini dileýärin. 

Biz hem öz gezegimizde kyn günleri başyndan geçirýän dost we hyzmatdaşymyz Beýik Britaniýa bilen raýdaşlygymyzy bildirmek maksady bilen şu gün Harby-howa güýçlerimize degişli uçar bilen lukmançylyk enjamlaryny ugradýarys. 

Bu epidemiýa garşy göreşiňizde siziň alyhezretleriňize ýene-de bir gezek gyssagly şypa dileýärin. Global derejede başymyzdan geçirýän bu kyn döwürden soň, wezipä başlan günüňizden bäri dowam eden ýürekdeş we işjeň aragatnaşygy dowam etdirmek we ikitaraplaýyn gatnaşygymyzy Breksit tapgyryndan soň has hem özgertjek ädimleri etmek maksady bilen ata watanyňyz bolan ýurdumyzda sizi myhman etmegimizi isleýändigimizi bellemek isleýärin" diýdi. 



Degişli Habarlar