Türkiýäniň Lukmançylyk Enjamlary Kömegini Alyp Giden Harby Uçar Londona Gondy

Türkiýäniň Britaniýa koronawirus epidemiýasyna garşy lukmançylyk enjamlary kömegini alyp giden harby ýük uçary Britaniýanyň paýtagty Londona gondy

1395573
Türkiýäniň Lukmançylyk Enjamlary Kömegini Alyp Giden Harby Uçar Londona Gondy

Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan taýarlanan N95 görnüşli maskalardan we goraýyş egin-eşiklerden ybarat bolan kömek, paýtagt Ankaradaky Etimesgut harby howa menzilinden A400M kysymly ýük uçaryna ýüklenip, ugradylypdy.

Uçardaky kömek encamlarynyň üstünde türk w iňlis dillerinde Möwlana Jelaleddin Rumynyň “Umytsyzlygyň aňyrsynda ençeme umytlar bar. Garaňkylygyň aňyrsynda ençeme güneşler bar” diýen sözleri ýazylan.

Britaniýa ertir lukmançylyk kömeginiň ugradylmagy meýilleşdirilýär.

Türkiýe mundan ozal İtaliýa, İspaniýa, Demirgazyk Makedoniýa, Garadaga, Serbiýa, Bosniýa-Gersegowina we Kosowa lukmançylyk kömegini beripdi.



Degişli Habarlar