PKK/ÝPG-e garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Siriýada Ýewfrat Galkany sebitinde 1 terrorçy, Zeýtun Şahajygy sebitinde 3 terrorçy we Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde bolsa PKK/ÝPG-e agza ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1395382
PKK/ÝPG-e garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Ýewfrat Galkany sebitinde 1 terrorçynyň, Zeýtun Şahajygy sebitinde 3 terrorçynyň we Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde bolsa PKK/ÝPG-e agza ýene-de 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi. 

Beýanatda: "Asudalyk we howpsyzlyk gurşawyny bozmak maksady bilen sebitlere girmäge we hüjüm guramaga synanyşan Ýewfrat Galkany sebitinde 1 terrorçy, Zeýtun Şahajygy sebitinde 3 terrorçy we Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde bolsa PKK/ÝPG-e agza ýene-de 2 terrorçy, gahryman desant güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim edildi. 


Etiketkalar: #desant , #PKK , #ÝPG , #Siriýa

Degişli Habarlar