31 welaýatda 2 gün köçä çykmak gadagan edildi

Koronawirus epidemiýasynyň çäginde goşmaça çäreler görülýär

1395751
31 welaýatda 2 gün köçä çykmak gadagan edildi

Türkiýede koronawirus epidemiýasynyň çäginde goşmaça çäreler görülýär

Şol çäkde 31 welaýatda 2 gün köçä çykmak gadagan edildi.

Içeri işler ministrli tarapyndan şu gijeden başlap 12-nji aprele sagat 24.00-a çenli 30 uly şäherde Zonguldakda köçä çykmak gadagan edildi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu mesele hakynda beren beýanatynda “Bu adaty köçä çykmak gadagançylygy däl. Bular epidemiýadan halas bolmak üçin görlen goşmaça çäreler. İki günlük köçä çykmak gadagançylygy ýekşenbe güni sagat 24.00-a çenli dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar