Daşary işler ministri Britaniýaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Mewlüt Çawuşoglu, Premýer ministr Boris Jonson üçin şypa diledi

1391791
Daşary işler ministri Britaniýaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Britaniýanyň Daşary işler ministri Dominik Raab bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Mewlüt Çawuşoglu, Raaba, hassahanada bejergi astyna alynan Premýer ministr Boris Jonson üçin şypa diledi.

Britaniýanyň Premýer ministr Boris Jonson, lukmanlaryň maslahatyna laýyklykda düýn agşam käbir testleriň geçirilmegi üçin hassahana ýatyrlypdy.

Premýer ministr Boris Jonsona 27-nji martda koronawirusyň ýokaşandygy anykylanylypdy.

 



Degişli Habarlar