Ankara Uniwerisiteti koronawirusa garşy uly açyş etdi

Ankara Uniwersiteti koronawirusa garşy sanjym üçin üstünlikli başlangyç etdi

1391916
Ankara Uniwerisiteti koronawirusa garşy uly açyş etdi

Ankara Uniwersitetiniň Biotehnologiýa İnstitutynyň Müdiri Professor Doktor Aýkut Özkulyň täze görnüş koronawirusa garşy sanjym we derman öndürmegiň başlangyjy bolan “SARS-COV-2 wirusynyň izolirlenmeginiň” hötdesinden gelendigi habar berildi.

Ankara Uniwersitetiniň resmi Twitter hasabyndan berilen beýannamada Prof.Dr. Özkulyň barlaglary hakynda maglumat berildi.

Beýannamada: “Uniwersitetiniň Biotehnologiýa İnstitutynyň Müdüri Prof.Dr. Özkul koronawirusa garşy sanjym we derman öndürmegiň ilkinji ädimi bolan SARS-COV-2 wirusyny izolirlemegiň hötdesinden geldi” diýilýär.

Ankara Uniwersitetiniň Rektory Prof.Dr. Erkan İbiş hem Twitter hasabyndan: “Egindeşlerimi gutlaýaryn. Men munuň dowam etjekdigine we üstünliklikli netije alynjakdygyna ynanýaryn” diýip ýazdy.

Ankara Uniwersitetindäki barlagyň Biotehnologiýa İnstituty bilen Weterinarçylyk Fakultetiniň Wirologiýa laboratoriýasynda geçirilendigi habar berildi.



Degişli Habarlar