Türkiýe iň gowy reanimasiýa orunlary taýdan iň ýokary şertlere eýe

Türkiýe jemi 25,466 sany reanimasiýa orny bar

1389407
Türkiýe iň gowy reanimasiýa orunlary taýdan iň ýokary şertlere eýe

Dünýäde 380 müňden gowrak adama ýokaşan we müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan koronawirusa garşy göreşde, ýurtlaryň reanimasiýa orunlarynyň sanlary aýratyn uly ähmiýete eýe.

Germaniýadaky bazar we garaýyş barlaglary institutlary tarapyndan ýygnalan we ykdysady pudakdan alynan görkezijileri iňlis, fransuz, nemes we ispan dilinde berýän “Statista” berilen hasabata görä Türkiýe şol sanawynda başynda durýar.

Saglygy goraýyş ministri Fahrttin Koja koronawirusa garşy göreş üçin döwlet we hususy eýeçilik bilen bilelikde ulanmaga taýar 13,211 sanysy ýokary derejeli, jemi 25,466 sany uly adamlar üçin niýetlenen reanimasiýa orunlarynyň bardygyny beýan edipdi.

Ministr Koja Türkiýede her 100 müň adama 40 sany reanimasiýa ornunyň düşýändigini mälim edipdi.

Käbir ýurtlarda her 100 müň adama düşýän reanimasiýa orunlarynyň sany şeýle:

ABŞ - 34,7
Germaniýa - 29,2
Italiýa - 12,5
Fransiýa - 11,6
Günorta Koreýa - 10,6
Ispaniýa - 9,7
Ýaponiýa - 7,3
Britaniýa - 6,6
Hytaý - 3,6 



Degişli Habarlar