Türkiýe Owganystanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

"Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris"

1388042
Türkiýe Owganystanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Owganystanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda, “Owganystanyň Tahar, Zabul, Helmand we Baglan welaýatlarynda 29-njy martda ýekşenbe güni guralan terrorçylykly hüjümde köp sanly owgan howpsyzlyk işgäriniň ýogalmagyna uly gynanç bildirýäris. Ady agzalýan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarys, hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris, doganlyk owgan halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýildi.

Owganystanyň Tahar we Zabul welaýatlarynda Talibanyň guran hüjüminde, Baglan welaýatynda Taliban bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda 25 howpsyzlyk işgäri ýogalypdy.

 



Degişli Habarlar