Koronawirusyň kesgitlenmegi üçin tizligi ýokary kesgitleýiş enjamy ulanylar

Bütin dünýä howp salýan koronawisuryň gysga möhletde kesgitlenmegi üçin tizligi ýokary kesgitleýiş enjamy ulanylar

1381998
Koronawirusyň kesgitlenmegi üçin tizligi ýokary kesgitleýiş enjamy ulanylar

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja düýn Türkiýäniň Mejlisinde eden maglumat beriş çykyşynda gysga möhletde netije berýän antigenden öndürilen kesgitleýiş enjamynyň Türkiýe boýunça ähli şäherlere ugradylmagy hakynda karar kabul edilendigini beýan etdi.

Ýerli kesgitleýin enjamy bilen 60-90 minudyň aralygynda netije alynýan bolsa, antigenden öndürilen tizligi ýokary kesgitleýiş enjamy bilen 15 minudyň dowamynda netije alynar.

Has giň barlag geçirýän ýerli kesgitleýiş enjamynyň hem ulanylmaga dowam ediljekdigi, gysga möhletde netije alyp, degişli çäreleriň görülmegi üçin tizligi ýokary kesgitleýiş enjamynyň hem ulanylmaga başlandygy nygtaldy.

İlkinji nobatda halk saglygyny üpjün ediş laboratoriýalarynda ulanylmaga başlanan tizligi ýokary kesgitleýiş enjamy gerek bolan şäherlerde-de peýdalanylar.

Ýerli kesgitleýiş we tizligi ýokary kesgitleýiş enjamlarynda agyz ýa-da burun mukozasyndan alynan suwklyk analiz edilýär.



Degişli Habarlar