Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitine girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1381403
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitine girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda, sebite parahatçylygyň we asudalygyň dowam etmegi üçin her dürli çäreleriň görülmäge dowam edilýändigi aýan edildi. 

Beýleki tarapdan, Yragyň demirgazygyndaky ýerlerinden gaçan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy Silopi etrabynda howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, terrorçylaryň PKK-nyň düzüminden gaçmaga dowam edýändigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Yragyň demirgazygyndaky ýerlerinden gaçan PKK-a agza 2 terrorçy Silopi etrabynda, Siriýanyň demirgazygyndaky terror toparyndan gaçan PKK/ÝPG-e agza ýene-de 1 terrorçy Nusaýbin etrabyndaky serhet birikmesine boýun egdi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar