Hulusi Akar: “Rus harby wekiliýet bilen geçirilen gepleşiklerde umuman alynanda ylalaşyk gazanyldy”

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, rus harby wekiliýet bilen geçirilen Idlib bilen bagly gepleşiklerde umuman alynanda ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi

1376805
Hulusi Akar: “Rus harby wekiliýet bilen geçirilen gepleşiklerde umuman alynanda ylalaşyk gazanyldy”

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Siriýanyň Idlib sebitinde 6-njy martda güýje giren od açmzalyk bilen bagly ylalaşygyň üstünde durup geçdi.

Paýtagt Ankara gelen rus wekiliýet bilen gepleşikleriň dowam edýändigini aýdan Akar, umuman alynanda ylalaşygyň gazanylandygyny mälim etdi.

Hulusi Akar: “Başar Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan ylalaşygyň düzgüni bozulsa, hüjümler dowam etse galan ýerimizden dowam etmäge, olaryň hem ýitgi çekdirmegine dowam ederis. Idlibde ähli birikmelerimiziň barlygy dowam edýär. Yza çekilmeris, birikmelerimiz, toparlarymyz öz ýerlerini goraýar” diýip beýan etdi.

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy dowam edýän operasiýalaryň hem üstünde durup geçen Akar: “Harby-howa güýçlerimiziň Yragyň demirgazygynda Milli howpsyzlyk gullygy bilen sazlaşykly ýagdaýda geçirýän operasiýalarynda guramanyň ýolbaşçylaryndan 1-i zenan bolmak bolmak bilen jemi 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar