Gresiýanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Gresiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mişel-Kristos Diamessis, Daşary işler ministrligine çagyryldy

1376640
Gresiýanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Gresiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mişel-Kristos Diamessisden, Gresiýanyň Türkiýäniň suw giňişligini bozmagyny, gury ýer serhedindäki toparlaryna duýduryş bermegi we Rodos bilen Lesbos adalaryndaky bosgunlaryň ýagdaýy barada habar taýarlaýan metbugat işgärlerini göz tussaglygyna almagyny bes edilmegi islendi.

Düýn Bodrum sebitinde Türkiýäniň suw giňişligini bozan Gresiýanyň Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň gaýygy, Türkiýäniň Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň gaýygy tarapyndan uzaklaşdyryldy.



Degişli Habarlar