Erdogan we Putin Idlib meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Idlib meselesi bilen baglanşykly telefon arkaly söhbetdeş boldylar

1377275
Erdogan we Putin Idlib meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Russiýanyň hökümeti tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Putin we Erdogan özara telefon arkaly söhbetdeş boldylar. 

Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda 5-nji martda gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi meselesiniň ele alynan telefon söhbetdeşliginde, Siriýada Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynda dartgynlygyň azalmagyna hoşallyk bildirildi. 

Od açmazlyk bilen bagly ylalaşygyň dowamly häsýetde üpjün edilmegi we ýagdaýyň has durnuklylaşmagy maksady bilen Türkiýäniň we Russiýanyň Goranmak ministrlikleriniň üsti bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellän liderler, şahsy saparlar bilen birlikde, tapawutly derejede dowamly häsýetde dialogyň dowam etdiriljekdigi barada karara geldiler. 

 



Degişli Habarlar