Hulusi Akar bilen Sergeý Şoýgu telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Siriýanyň Idlib welaýatyndaky ylalaşygyň yzygiderli bolmagy hakynda pikir alyşdy

1376010
Hulusi Akar bilen Sergeý Şoýgu telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, Akar bilen Şoýgu telefon söhbetdeşliginde, Siriýanyň Idlib welaýatyndaky ylalaşygyň yzygiderli bolmagy, şeýlelikde gandöküşikli hüjümler sebäpli 81 göterimi zenanlardan we çagalardan ybarat bolan 1 milliondan gowrak adamyň öýlerine dolanmaklary üçin amatly şertiň döredilmegi hakynda pikir alyşdy.

Akar bilen Şoýgu Türkiýe bilen Russiýanyň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmegi we şol maksat bilen parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin tagalla etjekdiklerini nygtady.

 



Degişli Habarlar