Erdogan, ÝB Geňeşiniň başlygy Mişel we ÝB Komissiýasynyň başlygy Laýen bilen duşuşdy

“Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda bosgunlar meselesinde 2015-nji ýylyň 18-nji martynda gazanylan ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi hakynda pikir alyşdyk”

1375178
Erdogan, ÝB Geňeşiniň başlygy Mişel we ÝB Komissiýasynyň başlygy Laýen bilen duşuşdy

 

Prezident R.T. Erdogan, ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel we ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen bilen duşuşdy.

ÝB Geňeşiniň başlygy Mişeliň çakylygyna laýyklykda düýn iş sapary bilen Belgiýanyň paýtagty Brýussele giden Prezident Erdogan, ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon fer Laýeniň hem gatnaşmagynda geçirlen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy.

Metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen duşuşyga Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu hem gatnaşdy.

Ursula fon der Laýen duşuşykdan soň beren beýanatynda “Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda bosgunlar meselesinde 2015-nji ýylyň 18-nji martynda gazanylan ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

Gresiýa serhedinde başdan geçirilýän wakalar hakynda hem durup geçen fon der Laýen “Migrantlara garşy aşa güýç ulanylmagy kabul edilip bilinmez” diýdi.

ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bolsa, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen  ÝB-niň Ýokary wekili Borrelliň 18-nji mart ylalaşygynyň üstünde işlemäge dowam etjekdiklerini belledi.

 



Degişli Habarlar