Erdogan “Gresiýanyň migrantlara bolan çemeleşmesi jenaýatdyr” diýdi

Prezident R. T. Erdogan, “Gresiýanyň migrantlara bolan çemeleşmesi jenaýatdyr” diýdi

1375680
Erdogan “Gresiýanyň migrantlara bolan çemeleşmesi jenaýatdyr” diýdi

Edirneden Gresiýa geçip ol ýerden hem Ýewropa gitmek isleýän migrantlara garşy grek howpsyzlyk güýçleriniň berk tutum alyp barmagyna reaksiýa bildiren Erdogan “Serhetde migrantlara bolan çemeleşmäniň jenaýatdygy bilinmeli. Biz bu meseläni, migrantlara edilýän zulumy BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň gün tertibine getireris. Gresiýa gümrük geçelgelerini açmagyny teklip edýärin, gapylaryny açsyn we şol ynsanlar Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna gitsin” diýdi.

Siriýanyň İdlib welaýatynda 6-njy martda güýje giren ylalaşyk hakynda durup geçen Erdogan, Siriýanyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putine hödürlän teklibini gürrüň berdi.

Erdogan “Ol ýerden çykarlan nebit bilen işiň potratçylyk tarapyny çözeris. Eger maliýe tarapyndan goldaw berseňiz, geliň ýumrulan Siriýany dikeldeliň. Putin “bolar” diýdi. Şol teklibi ABŞ-nyň Prezidenti Doland Trampa hem hödürlärin”diýdi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #Idlib , #Gresiýa , #Edirne

Degişli Habarlar