Diýarbakyrda nobat tutan ýene-de bir maşgala çagasyna gowuşdy

Diýarbakyryň welaýat Žandarma serkedeligine gelen ejesi Naime Dalmyş, 6 ýyllyk aýralykdan soň, gyzy Tekoşin Açary gördi

1374735
Diýarbakyrda nobat tutan ýene-de bir maşgala çagasyna gowuşdy

Türkiýäniň Diýarbakyr şäherinde Halklaryň Demokratik Partiýasynyň (HDP) welaýat merkeziniň binasynyň öňünde protest aksiýasyny geçirýän maşgalanyň ýene-de biri, howpsyzlyk güýçleriniň tagallasy esasynda öz çagasyna gowuşdy.

Maşgalalarynyň hem goldawy saýasynda guramanyň düzümindäki terrorçylar, ekstremist terror guramasy PKK-dan gaçyp howpsyzlyk güýçlerine boýun egmäge dowam edýär.

Şyrnak we Şanlyurfa welaýatlarynyň Žandarma serkedelikleriniň tagallalary netijesinde düýn boýun egen Tekoşin Açar, Diýarbakyrda nobat tutan ejesi bilen duşuşdyryldy.

Diýarbakyryň welaýat Žandarma serkedeligine gelen ejesi Naime Dalmyş, 6 ýyllyk aýralykdan soň, gyzy Tekoşin Açary gujaklady we aglady.

Düýn Haşim Açaryň we Tekoşin Açaryň hem howpsyzlyk güýçlerine boýun egmegi bilen Diýarbakyrda HDP-nyň binasynyň öňünde ptotest aksiýasyny geçirýän maşgalalalaryň öz çagasyna gowuşanlarynyň sany 13-e ýetdi.


Etiketkalar: #terrorçy , #PKK , #HDP

Degişli Habarlar