Prezident Erdogan Gresiýa çagyryş berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Ýewropa gitmek isleýän bosgunlara gapylaryny açandyklaryny belläp, Gresiýa hem öz gezeginde gapylaryny açmaklary barada çagyryş berdi

1374248
Prezident Erdogan Gresiýa çagyryş berdi
edirne siginmaci yunanistan
edirne siginmaci yunanistan.jpg

Prezident Erdogan, 8-nji mart Halkara Zenanlar güni mynasybetli Stambulyň Haliç kongres merkezinde geçirilen "Türkiýäniň gahryman zenanlary" atly çärede çykyş etdi. 

Erdogan çykyşynda, Gresiýanyň serhediň ara zolagynda garaşýan bosgunlara garşy görýän çäresi bilen baglanşykly, bu adam gymmatlyklaryna bap gelmeýän aksiýalara hiç kimiň sesini çykarmaýandygyny beýan etdi. 

Gresiýa ýüzlenen Erdogan: "Biz gapylarymyzy açdyk, sen hem gapylaryňy aç, bosgunlar beýleki Ýewropa ýurtlaryna gitsinler. Biz sizi ýagdaý bular ýaly dowam etse gapylary açarys diýipdik, siz ynanmadyňyz. Adalatly ýük paýlanşygyny isleýäris. Biz muňa tarapdar gözleýäris, bizde entegem 3,5 million bosgun bar, ýene-de 1,5 million bosgun bolsa serhetde garaşýar" diýip aýan etdi. 

Serhedi aşan bosgunlara garşy edilýän adamzat gymmatlyklaryna bap gelmeýän aksiýalar we zulum sebäpli Gresiýa nägilelik bildiren Erdogan: "Bularyň ynsanlygyndan şübhe edilmeli, men şübhelenýärin" diýip habar berdi. 

 



Degişli Habarlar