Diýarbakyrdaky eneleriň nobaty baýram güni hem dowam etdi

Esmer Koç hem öz gyzyna gowuşmak we nobata gatnaşmak üçin Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabyndan geldi

1374196
Diýarbakyrdaky eneleriň nobaty baýram güni hem dowam etdi

Diýarbakyrdaky eneleriň ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan ogurlanan çagalaryna gowuşmak umydy bilen Halklaryň Demokratik Partiýasynyň (HDP) welaýat merkeziniň öňünde geçirýän nobatlary 8-nji mart Halkara Zenanlar gününde hem dowam etdi.

Çagalarynyň ogurlanmaklarynyň jogapkäriniň HDP-digini aýdýan eneleriň, partiýanyň welaýat merkeziniň öňünde 2019-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda başladan nobatlary 188 gün bäri dowam edýär.

Nobata gatnaşmak üçin Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabyndan gelen eje Esmer Koç, gyzy Zübeýdanyň 2013-nji ýylda HDP-liler tarapyndan ogurlanandygyny habar berdi.

“Gyzym PKK-a terror guramasyna satyldy. 7 ýyl gözlemedigim ýer, soramadygym adam galmady” diýip bellän Esmer Koç: “Gyzym, sen meni görýän bolsaň, eşidýän bolsaň esgerlerimize we döwletimize boýun eg. Olar seni aldatdy, satdy. Ol zalymlaryň elinden gaçyp, gel. Men Diýarbakyrda, seni alman gitmerin” diýip nygtady.


Etiketkalar: #PKK , #nobat , #HDP

Degişli Habarlar