Zenanlar has uzak ýaşaýarlar

Türkiýäniň ilatynyň 49,8 göteriminiň aýal-gyzlardan ybratdygy kesgitlendi

1373482
Zenanlar has uzak ýaşaýarlar

Türkiýäniň Hasabat guramasy “Hasabatlar bilen Zenan 2019” atly habarnamasyny tamamlady.

Şuňa laýyklykda Türkiýäniň ilatynyň 50,2 göterimi erkeklerden, 49,8 göterimi bolsa aýal-gyzlardan ybarat.

Türkiýäniň 41,721,136 adamdan ybarat erkek, 41,433,861 adamlyk zenan ilaty bar.

Adamyň ömri bolsa umumy ilat üçin 78,3 ýyl, erkeklerde 75,6 we Zenanlarda 81 ýyl hökmünde hasaplanyldy.

Umuman aýallar erkeklerden has uzak ýaşaýan bolsa, dogulyşdan çaklanylýan ýaşaýyş möhletiniň tapawudy 5,4 ýyla barabar.

 



Degişli Habarlar