Türkiýe Owganystanda guralan hüjümi ýazgardy

“Owganystanda parahatçylyk we ylalaşyk tagallalarynyň depgininiň güýçlenen döwründe guralan hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýarys”

1373677
Türkiýe Owganystanda guralan hüjümi ýazgardy

 

Türkiýe Owganystanyň paýtagty Kabulda owgan syýasatçylarynyň gatnaşmagynda geçirlen hatyralama çäresini nyşana alan hüjümi ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Kabulda köp sanly adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjüme gynanç bildirilýändigi nygtaldy.

Beýanata “Owganystanda parahatçylyk we ylalaşyk tagallalarynyň depgininiň güýçlenen döwründe guralan hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýarys” diýildi.

Daşary işler ministrliginiň beýanatynda “Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Dost we doganlyk owgan halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýildi.



Degişli Habarlar