Prezident Erdogan, Ruhani we Mişel bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1369265
Prezident Erdogan, Ruhani we Mişel bilen söhbetdeş boldy
erdoğan michel.jpg

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen beýanata görä, Erdogan bilen Ruhaniniň telefon söhbetdeşliginde, Idlib başda bolmak bilen sebitleýin meseleler we ikitaraplaýyn gatnaşyklar maslahatlaşyldy.

Beýleki tarapdan, Erdogan Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen hem telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen beýanata görä Erdogan telefon söhbetdeşliginde Idlibde çuňlaşan adamzat krizisini we onuň sebite ýetirýän täsirini göz öňünde tutup, Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümlerine garşy köpçülikleýin we tutanýerli ýagdaýda bir pozisiýanyň orta goýulmagynyň gerekdigini belläp geçdi.



Degişli Habarlar