Idlibde Eýran tarapyndan goldanýan terrorçylar öldürildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Idlib şäherinde guran operasiýalarynda Eýran tarapyndan goldanýan 21 terrorçy öldürildi

1369361
Idlibde Eýran tarapyndan goldanýan terrorçylar öldürildi

Eýranyň Kum şäherindäki şaýy dini medresä degişli bolan Hawzah news saýtynyň berýän habaryna görä, Idlibde düýn Zeýnebiýýun toparyna degişli 18 terrorçy we Fatymiýýun toparyna degişli 3 terrorçy öldürildi.

Siriýadaky içerki söweşde Asada tabynlykdaky güýçleriň gury ýer güýjüne öwrülen Eýran tarapyndan goldanýan söweşiji terrorçy toparlar, esasan hem Yrak serhediniň golaýyndaky Deýrizor şäherinde barlygyny dowam etdirýär.


Etiketkalar: #terrorçy , #Eýran , #Siriýa

Degişli Habarlar